Ahal-teke aty
Münülýän haýwanlaryň içinde hiç birisi atlar bilen deňeşdireňde gödek ýük daşaýjylykdan başga häsiýete eýe däldir. Atdan başga, pilden eşege çenli ähli haýwanlaryň her tüýüne dürden ýasalan hünji düzseňem at bil deñeşdirilende öli garantga ýalydyr. Ýagny, biz ýerden aýagymyzy üzüp, ata atlananymyzdan soň onuň müň dürli ýöreýşi, ýol alyşy, sanjylyp durşy, çarpaýa galyp oýun edişi — ruhumyzyň ähli künjeklerine täsir edişi bilen ol hamala biziň ýarpy göwrämize öwrülen ýalydyr. Misli ol adam bilen bütewileşene meňzär. Galam ýaly inçe aýaklaryň üstünde dünýäde iň sazlaşykly göwre, kybapdaş boýun, buýsançly baş… Soňra bu täsinlikleri örten hamala beýik soltan lybasy geýdirilen ýaly çar ýana öwüşgin atýan mele, dor, al, gara, gyr… reňkli ýukajyk derisi… Şalara mynasyp, sürmeli, elde çekilen ýaly owadan hem jümmüşinde agy-hasrat görünýän gözler… Ýeňiş baýdagynyň tugrasyny ýatladýan ýallary, gujurlylygyň nyşany guýruk…
Bu aklyňy haýran ediji beden gurluşy bilen at ynsan oglunyň işçisinden begine çenli, sportsmeninden hökümdaryna çenli berlen we olara işleriň iň gödeginden iň inçesine çenli maddy we manewi goldaw bermek wezipesini ýerine ýetirýän ylahy sowgatdyr.
Aty ne haýwanat ylmy, ne maldarçylyk, ne ykdysadyýet, ne esgerlik, ne-de sport we çapyjylyk taýdan hersinde aýratyn, hemmesinde birlikde-de düşündirmek kyn… At bu ulgamlaryň hersine bir öwüşgini bilen ornan hem öz manysy we gymmaty boýunça olardan has beýige galan janawerdir…
Taryhy
[düzet | çeşmäni düzet]Biziň eýýamymyzdan ozalky V asyrda ýaşap geçen gadymy grek taryhçysy Gerodot şeýle ýazypdyr: «Gündogarda ajaýyp atlar gezýän Nusaý atly ägirt uly giňişlik bar».«Nusaý atlary[1] öz gözelligi bilen tapawutlanýar. Bu bedewler kuwwatly şalara mynasyp. Olar tüňburun buýsançly başlaryny belent tutýar we olaryň ýallary howada owsun atýar». Biziň eýýamymyzdan ozalky II asyrda ýazylan bu ruhlandyryjy setirler bolsa, gadymy rim taryhçysy Appiana degişlidir. Täze eýýamyň başynda gadymy meşhur grek geografy we taryhçysy Strabon: «Nusaý bedewleri iň iri we owadan atlardyr, olary pars şalary münýärler» diýip tassyklaýar. Parfiýalylaryň gelmegi bilen ajaýyp bedew Mesopotamiýadan Hindistana çenli ägirt uly giňişligi özüne tabyn eden kuwwatly döwletiň mertlik nyşanyna öwrülýär. Parfiýa patyşalarynyň mesgen tutan ýeri bolan Täze Nusaýda gazuw-agtaryş işleri geçirilen mahaly tapylan at şekiljikleriniň arasynda sowut bilen üsti bürelen, söweş tuwulgasy geýdirilen söweşijiniň atynyň şekili tapyldy. Dünýäde ilkinji söweşjeň esgerler hem şu jelegaýda - Parfiýada döräpdir. Soňra bolsa atlary demir sowut bilen örtmek usuly gaýduwsyzlygyň we asyllylygyň nyşany hökmünde bütin dünýä ýaýrapdyr. Ilkinji asylly söweşiji bolsa Parfiýa patyşalygyny esaslandyryjy Ärsak I bolupdyr. Gelip çykyşy boýunça türkmen bolan Ärsak I ýerli taýpalaryň grek - makedon basybalyjylaryna garşy gozgalaňyna baştutanlyk edýär we Parfiýan welaýaty diýlip atlandyrylan Köpetdagyň eteklerindäki sebitleri grek hökümdarlaryndan halas edýär. Şeýdip, ol geljekki kuwwatly döwletiň düýbüni tutýar. Gadymy awtorlaryň biri şeýle ýazýar: «Parfiýalylar onuň hatyrasyny şeýle bir belent tutýarlar we henize - bu güne çenli hem ähli parfiýa patyşalary Ärsagyň ady bilen atlandyrylýar». Ärsak at bolman, eýsem lakam bolan bolsa gerek. Ol lakam öz köküni «ar», «är» diýen gadymy türkmen sözlerinden alyp, «erkek adam», «gaýduwsyz adam» diýen manyny berýär. Plutarh parfiýalylar hakynda şeýle ýazýar: «Birmeňzeş ýeňillik bilen towsup münmäge we zerurlyk ýüze çykanda göze ilmez çaltlyk bilen çar ýana pytrap gitmäge ezber parfiýalylar duşmany peýkam bilen päsgelçiliksiz gyrgyna salmak üçin atly goşunlaryny bölek-bölek ýerleşdirýärler». «Ganatly bedew», «behişdi bedew», «daglaryň gerşinde ýaşaýan bedew» - bular Hytaýyň we Hindistanyň, Müsüriň hem-de Wawilonyň, Gresiýanyň we Rimiň gadymy rowaýatlarynda hem-de ertekilerinde gudratly bedew hakdaky meňzetmeleriň hemmesi däldir. Bu halklaryň köpüsi üçin atlar arzyly olja we gymmatbaha sowgat bolupdyr. Olar barada hytaý imperatorlary we rus patyşalary arzuw edipdir. Hytaý olary «gan syçradýan bedew» diýip atlandyrýar we biziň eýýamymyzdan ozalky II asyrda behişdi bedewlerini ele salmak üçin Orta Aziýanyň üstüne iki gezek çozýar. Atyň watanyny kesgitlemekde alymlary näme howsala saldyka? Megerem, olary atlaryň bu görnüşiniň dürli asyrlara we müňýyllyklara degişlidigine hem-de biri-birinden juda alyslarda ýaşandygyna seretmezden, ählisiniň meňzeş beden gurluşlary haýran galdyrandyr. Goý, ol Altaý depeleriniň müdimi doňaklyklarynda gowy saklanan, ähli şaý - esbaplary bolan söweşjeň atyň galyndysy, ýa bolmasa müsür şalarynyň araba goşulan atlarynyň şekilleri bolsun, tapawudy ýok, olaryň ählisiniň ahalteke bedewlerine mahsus gurluşy, ýagny guraksy sazlaşykly beden gurluşy, belent gerşi, inçe aýaklary, gyzgyn hyjuwy, gowy gyrkylan ýallary bar. Biziň eýýamymyzdan ozalky XIV asyrda Hett şalygynda atlary seýislemek hakyndaky meşhur traktat peýda bolýar, onuň manysy diňe XX asyryň başynda aýdyňlaşdyrylýar.
Atşynaslaryň ykrar etmegine görä, ol ahalteke bedewlerini seýislemekde türkmenleriň giňden ulanan tärlerini jikme-jik gaýtalaýar[1]. Ýeri gelende aýtsak, ençeme alymlar bedew atlary seýislemegiň hettlerde we has soňra ýaşap geçen türkmenlerde doly derejede birmeňzeşdigine ünsi çekýärler. Olar gadymy şekillerde suratlandyrylan patyşa maşgalalaryna degişli hett zenanlarynyň egin-eşikleriniň türkmen zenanlarynyň häzire çenli saklanyp galan baýramçylyk lybaslary bilen haýran galaýmaly derejede meňzeşdigini belläp geçýärler. Şeýle meňzeşlikleriň ençemesi mälimdir. Şolaryň arasynda, megerem, iň bir häsiýetli meňzeşlik zenan lybaslaryny bezeýän gabaraly kümüş şaý-sepleriň çylşyrymly toplumydyr. Türkmen zenanlarynyň başa geýilýän, egne dakylýan, döşe dakylýan, goşara geýdirilýän parçalary at münüp döwüş etmegi, gaçyp barýarka ýaýdan peýkamy ezberlik bilen goýberip, duşmany haýykdyrmagy başaran gadymy döwürlerdäki meşhur amazonkalaryň lybaslaryndaky şaý-seplere juda meňzeşdir. Alymlar henize - bu güne çenli yssydan goranmak üçin çopanlaryň geýýän bagana telpeginiň meşhur Orhan - Ýeniseý daş ýazgylarynda şekllendirilen çapyksuwarlaryň başlarynda hem bardygyny ýüze çykardylar. Şol çapyksuwarlaryň çapyp barýan atlarynyň keşbi hem ahalteke bedewleriniň keşbi bilen bir almany ikä bölen ýaly meňzeş: şolaryň hem guwuňky ýaly uzyn boýunlary, gelşikli kelleleri, syrdam aýaklary bar. Alymlaryň pikirine görä, biziň eýýamymyzdan ozalky 500-nji ýyllarda şol jelagaýlara - Ýeniseýiň kenarlaryna Dariniň çozuşlaryndan halas bolmak üçin sak taýpalary göçüp barypdyrlar. Iki müň ýyl geçenden soň Altaýyň depeleriniň birinden tapylan, biziň eýýamymyzyň başynda Altaýa çenli «çapyp baran» meşhur ahalteke bedewi şeýle suratlandyrylýar: «Gelşikli kellesi, owadan boýny bolan, syratly, çapylyp göwnejaý münüş edilen uly göwreli altynsow -sary reňkdäki bedew atyň mumyýasy baky doňaklyk netijesinde häzirki döwrüň barlagçylarynyň eline düşdi, onuň ýekeje sypjyrylan ýeri-de, bir gamçy yzy-da ýok». Ajaýyp arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň açyşlaryna salgylanmasak, taryha syýahatymyz doly bolmazdy. Ol Garagumda, häzirki zaman ylmynyň ykrar edişi ýaly, Hytaýyň, Hindistanyň, Mesopotamiýanyň we Müsüriň gadymy medeniýetleri bilen bir hatara çykan dünýäniň iň gadymy siwilizasiýasynyň birini - Marguş ýurduny açdy. Ürgün çägelikde gadymy patyşalygyň harabalyklarynyň üstüni açmak, şol ýerde dünýädäki ilkinji din bolan zoroastrizmiň dörändigi baradaky aýdyň subutnamalary ylym dünýäsine görkezmek üçin gaýduwsyz alyma gazuw-agtaryş möwsümleriniň otuzysy, ýagny otuz ýyl gerek boldy. Bir mahallar gülläp ösen Marguşdan biziň günlerimize paýtagt şäher bolan Goňurdepäniň giň meýdanyny tutup ýatan gabaraly harabalyklar gelip ýetipdir. Onuň sünnälenip haşamlanan ajaýyp ymaratlary gurmagyň binagärlik sungaty we adamlaryň oýlanyşykly ýaşaýyş durmuşy bolsa arheologlary henize - bu güne çenli haýran galdyryp geldi. Türkmenleriň ata-babalary - baryp biziň eýýamymyzdan ozalky üjünji müňýyllykda Murbagyň köne hanasyndaky mes toprakly ýerleri özleşdirip başlan adamlar ussat binagärler, gurluşykçylar, demir ussalary, küýzegärler we zergärler bolupdyr. Olar metaly we bürünji eretmegiň, altyny we kümüşi bejermegiň syrlaryny bilipdir. Bürünç eýýamynda şol ýerde, sahawatly ülkede eýýäm tohum atlaryň ýetişdirilendigi tötänden däldir. Olar seýislenipdir, aýratyn halatlarda bolsa hudaýlara gurban berlipdir. Aýratyn hormat bilen jaýlanan taýçanak, ençeme bürünç şahjagazlar - bedewleri seýislemek üçin niýetlenen ýörite saz gurallary, ahalteke bedewiniňki ýaly boýny uzyn, gözleri uly atyň kellesi görnüşdäki kinniwanja heýkeljik - bu tapyndylaryň ählisi, W.I.Sarianidiniň tassyklaýşy ýaly, biziň eýýamymyzdan ozalky III - II müňýyllyklaryň sepgidinde gadymy türkmen taýpalarynyň atlaryň naýbaşy tohumlarynyň seleksiýasynyň başyny başlandygyna şaýatlyk edýär. Ahyrky netijede munuň özi ahalteke tohumynyň döremegine getirdi. Ýokarda aýdylan zatlaryň ählisi hudożnikleriň, taryhçylaryň we arheologlaryň zähmeti bilen döredilen uly kartinanyň bir bölegidir. Tohum atyň diwarlaryň ýüzündäki şekilleri, heýkelleri, freskalary we barelýefleri, ostiologik kolleksiýalaryň nusgalary gadymy atyň häzirki zaman ahalteke bedewine meňzeş umumy keşbini janlandyrýar. Şunuň bilen birlikde bu arabaglanyşygyň subutnamalarynyň arasynda DNK usuly bilen barlamak subutnamasy ýok diýlip hasaplanylýar. Şeýle usuly barlap görmek üçin gadymy atyň müdimi doňaklyklarda bütinleý saklanyp galan galyndysyny tapmak gerek. Şu jähetden altaý bedewiniňki paşmady: şol döwürde ylym ösmändi. Şeýle nobatdaky bagtly tapyndynyň ýüze çykarylmagyna köp wagtlap garaşmaly boljakdygymyz sebäpli, biziň pikirimizçe, aýdyň görnüp duran zady logiki ýol bilen subut etmäge synanyşyp göreris.
Baş öwretmegiň şeýle usulynyň ýüwrük, çakgan, asylly, adamyň erkine tabyn türkmen bedewiniň köp derejede öz aýratynlygy bilen şertlenendigine ikirjiňlenmese bolar. Käbir arassa ganly bedewler başyny dik göterip we bedenini çaýkap ýöreýän bolsa, ahalteke atlary assa ýöräp, seýkin basýar, onuň bedeni çaýkanmaýar. Çünki ahalteke bedewleri müňýyllyklaryň dowamynda çölde, gumuň içinde terbiýelenipdir, munuň özi olaryň ýöreýşine öz täsirini ýetiripdir. Gadymy türkmen seýisleri diňe atyň başarnygyny açman, eýsem onuň asylly kalbynyň hem açaryny tapypdyrlar. Türkmen seýisleriniň soňky döwürde ahalteke bedewlerine nähili baş öwredýänligi hakynda rus atşynas alymlarynyň XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda Türkmenistana guran ekspedisiýasynyň barşynda ygtybarly maglumatlar toplandy. Şol baş öwretme umumy ýagdaýda, ine, şeýle häsetlendirilýär. Türkmenler taýy enesinden bäş - alty aýlykda aýrypdyr, emma taý daýhan hojalygynda galsa, enesi bilen bir ýarym ýyla çenli bile gezýän halatlary az bolmandyr. Eneden aýrylýança agyzdyryksyz gezip, soňra jylaw salnypdyr. Eýesiniň öýünde ösüp, diňe şonuň elinden iýmitlenen atyň ilkibaşdaky baş öwretmäni has ýeňil kabul etmegi mümkin. Taý, haçan-da, agyzdyryk bilen jylawa öwrenişdirilende, onuň arkasyna iki desse ýorunjany artmaklap atyp, agramy duýar ýaly edipdirler. Soňra ýaşyna ýeten ata ýaş oglany mündüripdirler we ony birýarym ýaşly atlaryň güýzki çapyşygyna taýýarlapdyrlar. Taýýarlyk üç döwürden ybarat bolup, bäş - alty aýa çekipdir. Ilkinji 2-2,5 aýda at duşakda saklanylypdyr we günde alty kilogram arpa hem-de isledigiçe ýorunja bilen iýmitlendirilipdir. Eger ol özüni tutubermeýän bolsa, arpa saryýag, ýumurtga we çörek garnuwy goşulypdyr. Ýaş at 3-3,5 aýda uýgunlaşyp başlansoň, ýagny keçe ýapyp, günde 15-20 kilometr aralygy (dört gezekde) ädimläp geçende derini gaýtarýarlar. Soňra has çylşyrymly işe geçilipdir, gün içinde bäş gezege çenli ädimlenip gidilipdir, ol aýyň ahyrynda kem-kem artdyrylyp, her gün 1500 metre çenli aralyga gorgun sürdürilipdir. Çapyşyga bäş gün galanda her gün ädimläp we gorgunladyp, çakgan üç ýöriş geçirilipdir, çapyşyk güni irden güýçli derleýänçä (der ýere syrygýança) çakgan sürülipdir. Derländen soň bolsa gök ýorunja berlipdir we çapyşyga ugralypdyr, o taýda çykyş başlanýança ýorunja baldagy, çapyşygyň öňüsyrasy bolsa bir goşawuç arpa berlipdir. Eger atyň gapyrgasy anyk saýgartsa, sargasyndaky tüýi tersine sypalasaň bulaşsa, at synaga taýýar hasaplanypdyr. Çapyşykdan soň uzak wagtlap gezdirilip, atlaryň endamy sowadylypdyr. Seýisçiligiň başga täri hem bar, şonda öňkiniň tersine birinji döwürde at horlanar ýaly, iým az berlipdir, çapyşyk möwsümi golaýladygyça arpa mekgejöwen ununy we goýnuň guýruk ýagyny goşup iýmitlendirip başlapdyrlar. Bu, seýisleriň pikiriçe, atlara adaty bolmadyk güýç beripdir... Türkmenler öz ahalteke bedewleriniň boýnunyň uzyndan inçe bolmagyny gazanmak üçin, oňa ot - iými ýörite gazylan çukurlarda beripdirler. Şeýdibem, olar ot - iým iýen mahallary atlaryň boýunlaryny süýndürmegini gazanypdyrlar. Taýçanaklara arkasyna belli bir agramdaky ýüki atyp, çalt ylgamakda tälim beripdirler. Bu tälim ot -iýmiň çäkli mukdary bilen utgaşdyrylyp, taýçanaklaryň döş kapasasynyň göwnejaý kemala gelmegi, gapyrgalarynyň tekiz we çeýe bolmagy gazanylypdyr. Döşüniň şeýle görnüşi atyň söweşjeňlik ukybyny artdyrypdyr, çünki ol şeýle ýaýbaň döşleri bilen duşmany gysyp - gowrupdyr, kuwwatly urgusy bilen ýere ýazypdyr. Atlar batly toýnaklary bilen-de duşmana zarba urmagy başarypdyrlar. Italiýaly syýahatçy, meşhur Marko Polo bolsa, şol bedew atlaryň toýnaklary barada: «olar şeýle bir berk welin, taplamagyň hem zerurlygy ýok» diýip, haýran galmak bilen ýazýar. Türkmenler ylmy taýdan «kapriol» diýlip atlandyrylýan atlaryň tebigy goranyş hereketlerini öz atlaryna diňe söweş meýdanynda ulanmagy öwredipdirler. Başga wagtlar özüni gije-gündiz bakyp - bejerýän adama beýlede dursun, ahalteke bedewiniň çagany-da depmeýändigi, ynjytmaýandygy äşgär ýagdaýdyr.
Ahal teke atlarynyň şejeresi
[düzet | çeşmäni düzet]Öňki döwürlerde türkmenlerde atlaryň ýazmaça şejeresi döredilmändir, ýöne olary atasynyň ugry boýunça tanapdyrlar we nesilden-nesle geçiripdirler[1]. Arassa ganly ahalteke bedewleriniň ilkinji tohumçylyk kitaby 1898-nji ýylda peýda bolupdyr, ony düzmäge türkmen atçylary hemaýat edipdir. Bu halkyň gowudan-gowy atlara söýgüsiniň nyşanydy. Atlary daýhan hojalyklaryndan gözläpdirler, olar üçin çöldäki çarwalaryňka gidilipdir, käbirlerini bolsa eýeleriniň özleri getirip, öz bedewleriniň şejeresini dikeldipdir. Boýnaw diýen at gowularyň - gowusy saýlypdyr, halkyň müňýyllyklaryň tejribesini öz içine alýan tohumçylyk işi ony atlaryň häzirki tohumlarynyň nesilbaşysy edipdir. 1895-nji ýylda doglan Boýnaw aýlawlaryň hiç birinde ýeňilmän, köp sanly we ýyndam nesil galdyryp, rowaýata öwrülen bedew bolupdyr. Diňe ajaýyp at ýüzlerçe neslini galdyryp, tutuş giden ugruň nesilbaşysy bolup biler. Baýtallaryň ykbaly bolsa başgaça: olar özünden soň 10 - 12-den kän taý galdyrmaga ýetişenok. Şoňa görä-de, atlaryň şejeresi gadymdan bäri ajaýyp bedewleriň ugry boýunça atlandyrylýar. Boýnawyň nesilleri bäş sany özbaşdak ugruň nesilbaşysy boldy: onuň nesli Meleguş we Meleçek, olaryň nesli Baba Ahun bilen Döwlet Işan, şeýle hem şolaryň nesli Begnazar Aldyr, bulardan şu tohum giň ýaýrady. Atlaryň baş sanynyň ilkinji zootehniki barlagy 1927-nji ýylda Ýer baradaky halk komissariatynyň meşhur zootehnigi K.Gorelowyň ýolbaşçylygyndaky topar tarapyndan geçirildi. Meşhur nesil daragtyny seljermekde we tohumyň genealogik düzümini ýüze çykarmakda hem K.Gorelowyň hyzmaty uludyr. Soňky barlaglaryň we takyklamalaryň esasynda 1941-nji ýylda atlaryň Orta Aziýa tohumlarynyň ilkinji Döwlet tohumçylyk kitaby çapdan çykdy. Oňa ahalteke bedewlerinden gelip çykan 287 sany aýgyr we 468 sany baýtal baradaky maglumatlar girizildi. Häzirki wagtda ahalteke tohumyndan bolan atlaryň gurluş kysymy on ýedi ugur boýunça gidýär, olar aslyny şöhratly bedewlerden alyp gaýdýar. Ine, olaryň ady: Aksakgal Skak Eýeberdi Teleke Gyrsakar Dor Baýram Posman Sere Pereň Ýel Gaplaň Pakyr Pälwan Sluçaý Garlawaç Arap Sapar han Meleguş Gelşikli Döwlet tohumçylyk kitabynda beýleki atlar we ene baýtallar ýaly, olaryň ählisiniň öz tertip sany bar, sebäbi ol ýa-da beýleki ugur çylşyrymly tertip sany arkaly görkezilýär. Köp sanly bedewler ahalteke tohumyny şöhratlandyrdylar. Olaryň ady halkyň hakydasynda müdimilik galdy. Şöhratly ugurlaryň biri-de Meleguş ugrudyr. Bu ahalteke bedewleriniň arasynda iň bir giň ýaýran, iň bir söýlüp ady tutulýan, deňi-taýy bolmadyk atdyr. Onuň gelip çykyşy halk içindäki meşhur rowaýat bilen baglanyşykly. .Haýsydyr bir wagtdaky ýaryşda bedewleriň birine bäsdeş tapylmandyr. Ýaşulular geňeşip, bäsdeşi atdan däl-de, laçyndan saýlamagy karar edipdirler. Adaty bolmadyk ýaryş hakyndaky habar bütin Ahala ýaýrapdyr, muny synlamaga müňlerçe adam gelipdir. Inede, märekeden laçynyň eýesi saýlanypdyr, aldawajyny - çig eti ýokary galdyrypdyr. Dor Bedew bilen guşy şol bir wagtda belli aralyga goýberipdirler. Bedew giden mähelläni haýrana goýup, ýaýdan çykan peýkam ýaly süýnüp, pellehanadan ilki geçipdir. Şondan bäri ahalteke bedewlerine guşlaryň ady, ýagny: Meleguş, Garlawaç, Garaguş, Laçyn, Durna, Bürgüt atlary dakylýar diýýärler. Meleguş ýaly ahalteke bedewi atlaryň äşgär tanalýan giden bir neslini emele getirdi.
Bir gezek ugruň ajaýyp wekili hökmünde Meleguşlaryň biri Halkara Leýpsig ýarmakasyna iberildi. Halaýyk bedewi gysby halka bilen gurşady, olara atyň altynsow tekiz endamynyň ýalpyldysy hakyky däl ýaly görnüpdir. Bedew hakyky altyn bolup lowurdaýardy. Adamlar muňa ynanmandyrlar we aty reňkländirler öýdüpdirler. Şu ýerde, ähli adamlaryň gözüniň öňünde Meleguşy suwa düşüripdirler. Hezil edip suwa düşen Meleguş suw düwmelerini syçradyp, öňküsinden hem beter ýalpyldapdyr. Sergä gelenler haýranlar galypdyrlar, hemmeler türkmen bedewini ýürekden halapdyrlar we uzak wagtlap ahalteke bedewiniň ýanyndan aýrylyp bilmändirler. Meleguş Delidäki halkara sergisinde-de az üstünlik getirmedi. Atlaryň gözelligine inçeden baha bermegi we düşünmegi başarýan hindiler atyň ýanyna beýan edipbolmajak haýran galmak bilen geldiler hem-de Hudaýa seredýän ýaly geň galmak bilen ony synladylar. Serginiň ahyrky güni olar lowurdap duran bedewi güller bilen bezediler, onuň ýanynda sazandalar bilen tansçylary ýerleşdirdiler. Soňra ýurduň hormatly ýaşulusy şöhratly şahyr we serkerde, Hindistanda milli gahryman bilen deň hatarda hatyralanýan Baýram han Türkmen hakyndaky ýadygärlik hökmünde Meleguşy Hindistanda galdyrmagy tüýs ýürekden haýyş etdi. Şeýdip, Meleguş Hindistanda galdy. Ähli döwürleriň ýazylmadyk kanuny boýunça türkmenler hiç wagt tohumlyk bedewlerini aýra salmandyr. Olar ölmäge-de taýyn bolupdyrlar, ýöne ata-babalarynyň asyrlaryň jümmüşinden gelýän bu kanunyna hiç mahal ikilik etmändirler. Şol wagt başga döwür höküm sürýärdi, ahalteke bedewiniň eýeleri-de başga adamlardy. 1935-nji ýylyň Aşgabat - Moskwa köp günlük atly ýörişi üstünlikli tamamlanandan soň, şol ýörişde ýekeje aty hem ýitirmedik jigitler eýýäm Moskwada gowudan-gowy bedewleri, şol sanda ap-ak Arap bilen hoşlaşdylar. Göni on ýyldan soň marşal Jukow şol bedewde Ýeňiş paradyny kabul etdi. Ahalteke bedewi bolan Arap iň gowy tohum atlaryň naýbaşysydy, ol güneşli ýurdumyzyň wekili bolup, Ýeňşiň alamatyna, parahatçylyk wekiline öwrüldi! Muňa türkmenler nähili buýsanypdyrlar. Olar Arabyň uly hormata mynasyp bolmagy baradaky täsin wakany agtyklaryna we çowluklaryna gürrüň bererdiler. Bu waka şeýle bolupdyr. Üflenip çalynýan saz gurallarynyň ritmine -owazyna duýgur at gerekdi. Munuň üçin iň gowy bedewleriň on sanysy seçilip alynsa-da, deslapdan iňlis aty göz öňünde tutulypdy. Türgenleşik uzaga çekdi. Barlag hemmeleri surnukdyrdy, atlary agyla gabadylar. Harby orkestr hem marş sazyny walsa çalşyp, dynç almakçy boldy. Birdenem, agylyň germewinden meýdança ak bedew böküp düşdi. Sazy diňleýän mysaly biraz säginip, ol walsyň owazyna pyrlanyp başlady. Hemmeler haýran galmakdan ýaňa doňup galdylar. Şol bada bu täsin, şöhratly, sazsöer bedew seçilip alyndy.
Ahal-teke atlary häzirki döwürde
[düzet | çeşmäni düzet]1990-njy ýyldan başlap, ähli seleksiýa - tohumçylyk işleri «Türkmen atlary» döwlet birleşigi tarapyndan amala aşyrylýar[1]. Ol ýöriteleşdirilen atçylyk hojalyklarynda atlary ýetişdirmegiň tehnologiýalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýär. Häzir Prezident athanasynda saýlama tohum bedewleriniň 281-si idedilýär. Bu ýerde häzir ahalteke atlarynyň tohumynyň ähli ugurlaryndan bedewler ýetişdirilýär. Athanada saýlama bedewler bolan Ýanardag, Pyýada, Bitaraplyk, Tebigat, Herekdag, Kerwenbaşy, Karfagen... seýislenýär. Bu atlar häzirki wagtda tohumçylyk -seçgiçilik işiniň ýeten belentligidir. Çünki bu atlar täze ugurlaryň dowam etdirijileri ýa-da başyny başlaýjylary boldular. Mysal üçin, şu görnüş boýunça dünýäniň çempiony Ýanardag köp çapyşyklaryň hem-de sergileriň ýeňijisi we 1951-nji ýylda doglan meşhur Pakyr Pälwanyň neslindendir. Ýanardagyň ajaýyp keşbi ýurdumyzyň Döwlet gerbinde şekillendirildi. Owadanlygyň we gözelligiň etalony hasaplanylýan Pyýada altynsow mele reňkli, 1955-nji ýylda doglan Pereňiň nesline degişli. Pereňiň ugrundan yzynda arassa ganly bedewleriň 76-syny galdyran Polatly aýratyn meşhurlyk gazandy. Şonuň üçin çapyşyklarda köp ýyllap ýeňiş gazanan, ýyndam bedewleriň janköerleriniň müňlerçesine hakyky lezzet eçilen Polatla şol aýlawyň girelgesiniň öňünde ömürlik ýadygärlik oturdyldy. Häzir onýyllyklaryň dowamynda at çapyşyklarynyň ençemesiniň şaýady bolan paýtagtymyzdaky aýlawyň durky doly täzelenýär. Aşgabatdaky Sirkiň binasynyň hem durkytäzelenýär. Onuň gaýtadan dikeldilmegi bilen türkmeniň meşhur at üstündäki oýunlary oňa gaýdyp geler. Köpetdagyň etegindäki gözel jülgede ýerleşýän, türkmen bedewiniň gaýtadan dikeldilmegine uly goşant goşan Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny göterýän iň häzirki zaman Ahalteke atçylyk toplumy türkmeniň buýsanjydyr. Bu toplumyň umumy meýdany 56 gektara golaýlaýar. Şu ägirt uly meýdanda çapuw ýodajyklarynyň üçüsi, tomaşaçylar üçin 5 müň orunlyk münber, iň gowy bedewler görkezilýän - gezdirilýän meýdança ýerleşýär. Göwnejaý enjamlaşdyrylan okuw otaglary we türgenleşik dälizlerini birleşdirýän çapyksuwarlar kluby üçin hem ýörite bina berildi. Atlar üçin suwy awtomatik usulda guýýan - dökýän ägirt uly howuz guruldy. Bir wagtda 300-den gowrak at saklap boljak giň athanalaryň altysynda bolsa ýörite howa arassalaýjy enjamlar oturdyldy. Toplum immun - genetiki laboratoriýa bilen üpjün edildi, şol ýerde tohum daktiloskopiýasy usuly boýunça DNK seljermesini geçirmek bolar. Ýörite weterinariýa laboratoriýasynda atlary bejermek üçin ähli şertler döredildi. Operasiýa we gözden geçirmek üçin gurallar, has kämil rentgen we UZI enjamlary bedewleriň «hyzmatynda».Uly halkara aýlawlarynyň ählisinde bolşy ýaly, bu ýerde hem janköerler üçin totalizator, şeýle hem çapyşygyň netijelerini ýalňyşsyz kesgitleýän fotopellehana göz öňünde tutuldy. Onsoň hem bu ýere ýöne dynç almaga, dünýäde iň gowy bedewler ýetişdirilýän Ahalyň tebigatynyň dag etegindäki gözelligine maýyl bolýanlar-da gelip biler. Türkmen bedewi ýene şu ýere, mähriban tebigatyň açyk howaly gujagyna täzeden dolanyp, halkymyzyň öz gözbaşlaryna gaýdyp gelmek baradaky täsin kanunalaýyklygyny tassyklady. Şu taryhyň aýrylmaz bölegi hökmünde ahalteke bedewleri halk bilen bilelikde gaýtadan galkyndy, bu gün bolsa onuň bilen bilelikde beýik Galkynyşa - döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap ýoluny ynamly dowam etdirýär.
At esbaplary
[düzet | çeşmäni düzet]Atyň haýsy maksatlar üçin ulanylýandygyna görä, şu aşakdaky esbaplar ulanyl- ýar: irişme, uýan, eýer, çeki, içirgi, döşlük, gamçy, nal[1]. Owsar at jylaw bilen idilende, daňylanda ýa-da kimdir birine görkezilende ulanyl- ýar. Uýan jylaw bilen birlikde atyň kellesine geýdirilýär, ol atlynyň aty dolandyrmagy, ony gerekli ugra gönükdirmegi, aty saklamagy üçin gerek. Atyň kellesindäki esbap ýeňse gaýyşyndan, duluk gaýyşyndan, seňriklikden, maňlaýlykdan, alkymlyk gaýyşdan, agyzzyrykdan, jylawdan ybaratdyr. Eýer atlynyň atyň üstünde rahat oturmagy, at hereket edýän wagty egilip bilmegi, eýere söýenip oturmagy üçin gerek. Atlara haýsy maksatlar üçin ulanylýandygyna baglylykda dürli hili eýer salynýar. Türkmen eýeri iň gadymy we oturmak üçin oňaýly eýerdir. Beýlekilerden tapawutlylykda onuň gaşy bar. Türkmen eýeri söwütden ýasalýar we ol çerim bilen örtülendir. Sport eýerleri bilen atlar atçylyk sporty boýunça ýaryşlar geçirilende eýerlenýär. Çapyşyk we sport eýerleriniň üzeňňi ýüpleri aýratyn berk bolýar. At çapyşygyna gatnaşýan bedewleriň nallary ýumşak metaldan (10-12 millimetrlik sim) ýasalýar, olar atyň toýnagyny şikesden goramak üçin zerurdyr. Mundan başga-da olar atyň dogry ýöremegine ýardam edýär. Çapyşyga gatnaşýan atlaryň öň iki aýagyna nal kakylýar.
Türkmen bedew bayramy
[düzet | çeşmäni düzet]Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde gözellikde hem-de ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimiziň şanyna Türkmen bedewiniň baýramy tutulýar. Dünýäde iň ýyndam we gözel atlar hökmünde uly şan-şöhrata eýe bolan türkmen bedewleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrüldi. Ýurdumyzda giňden toýlanýan Türkmen bedewiniň baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisiniň, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahatynyň, uzak aralyga atly–marafon we beýleki atçylyk sportuna degişli ýaryşlaryň geçirilmegi dabaralaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Bu baýramçylyk çärelerine dünýäniň köp sanly ýurdundan myhmanlaryň gatnaşmagy örän guwandyryjy, buýsandyryjy hadysadyr. Häzirki döwürde öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan arassa tohumly ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly atçylyk sungatynyň milli ýörelgelerini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmek, täze manymazmun bilen baýlaşdyrmak we ösdürmek, ýaşlary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga işjeň çekmek, şeýle hem bedewlerimizi bütin dünýäde wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň çäksiz tagallalary ýatyr.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy
[düzet | çeşmäni düzet]2011-nji ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň I maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow 2010-njy ýylyň awgust aýynda merkezi Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi bilen, ahalteke atçylygyny ösdürmegiň taryhynda täze döwrüň başlanandygyny aýdypdy: “Men Türkmenistanyň Prezidenti we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde, siziň goldawyňyz bilen atçylygy mundan beýläk-de ösdürmek, atlary ylmy esasda öwrenmek, olaryň tohum arassalygyny saklamak, Ýer ýüzünde ahalteke atlarynyň – behişdi bedewleriň giňden ýaýradylmagyna ýardam bermek boýunça alyp barýan işimizi has-da güýçli depginler bilen dowam etjekdigimize berk ynanýaryn“. Aşgabatda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk, aragatnaşyk saklamaga isleg bildirýänleriň sanynyň-da barha artýandygyny ýatlamak ýakymlydyr. Munuň özi bu Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň dünýä ýüzünde abraýynyň, şan-şöhratynyň barha artýandygynyň alamatydyr. Häzir ýurdumyzda dünýä derejelerine laýyk gelýän atçylyk-sport toplumlary gurlup, ol welaýatlarymyzyň iň bir buýsançly ýerleriniň birine öwrüldi. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde bina edilen bu ajaýyp Halkara atçylyk-sport toplumy belent başly gojaman Köpetdagyň etegine özboluşly bezeg berýär. Dünýä ülňülerine gabat gelýän, iň kämil tehnologiýalary bolan bu toplumda atçylyk boýunça dürli ýaryşlary geçirmäge amatly şertler döredilendir. 2014-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalarynyň netijesinde atly sportyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilmegi türkmen atlarynyň atly sportda şöhrat gazanjak günleriniň täze taryhy sahypasyny açdy. Atçylyk sporty barada aýtsak, gadymy türkmen topragynda ýörgünli bolan at üstündäki milli oýunlar, häzirki döwrüň birnäçe atly ýaryşlarynyň, dabaralarynyň we şüweleňleriniň esasyny döredýär. Bularyň örän ýörgünli bolmagynyň sebäbi, gadymylygy, halkymyzyň gündelik durmuşyna ýakynlygy we her ýaşdaky atçylyk sportunuň janköýerleri üçin elýeterliligi bilen düşündirip bolar. Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe, atçylyk sportynyň köp görnüşi gaýtadan dikeldi, şol bir wagtyň özünde olimpiýa sport görnüşi bilen at bilen päsgelçilikden böküp geçmek uly ösüşlere eýe boldy.
Edebiyat
[düzet | çeşmäni düzet]- Gurbanguly Berdimuhamedow. Ahalteke bedewi – Biziň buýsanjymyz we şöhratymyz. Aşgabat – 2008
Çeşme
[düzet | çeşmäni düzet]- #http://www.ahalteke.gov.tm/downloads/book_koni1_turkm.pdf/[permanent dead link] Ahalteke bedewi – Biziň buýsanjymyz we şöhratymyz. // http://www.ahalteke.gov.tm Archived 2013-11-03 at the Wayback Machine