Alym
Alym—adalga we leksik manysy ylym (nemes.d. wissenschaft, fransuz.d., iňlis.d. science, latyn.d. scientia, köne.t.d. ylym): 1. Bilimleri emele getirýän toplum we ylma esaslanýan bilimleriň jemi. 2. Aýry-aýry ylymlar. 3. Bilimiň özenini emele getirýän ylym: a. Esaslandyrylan ylym; b. Belli bir temany bilme isleginden ugur almak, belli bir maksada ymtylmak netijesinde bilim gazanmaklyk we usullaýyn derňeme prosesi; ç. Umumy manyda kabul ederlikli we ikuçsyz (absolýut) häsiýeti alamatlandyrýan usullaýyn we ulgamlaýyn görnüşdäki bilim; d. Belli bir temanyň derňew ugry bilen baglanyşykly bolan sowallaryň, barlaglaryň we bular bilen baglylykda alnyp barylýan gözlegleriň obýektiw baglanyşygyny öz düzümine alýan ulgam. Ylymlaryň bölünmegi we synplandyrylmagy dürli taraplardan amala aşyrylyp bilner, ýöne bularyň hiç biri absolyut manyda güýje eýedir diýmek mümkin däldir. A. Maksadyna görä: nazary we amalay häsiýete eýe ylymlar; b. Derňelýän predmetlere görä: wagt ölçegindäki we giňişlikdäki hakyky obýektler bilen baglanyşykly bolan hadysa bagly ylymlar (muňa başgaça real ylymlar hem diýilýär) we düşünjä esaslanýan, wagta bagly bolmadyk obýektler bilen baglanyşykly bolan düşünjä daýanýan (ideal) ylymlar; ç. Bilimiň gelip çykyşyna görä: tejribä esaslanýan (empirik) ylymlar we apriori ylymlar (sap aňa esaslanýan ylymlar); d. Usulyna we iş alyp barýan ugruna görä: tebigy ylymlar we ruhy ylymlar; bular bilen baglanyşykda düşündirmäge esaslanýan we akyl ýetirmäge daýanýan ylymlar we ş.m.
Edebiýatlar
[düzet | çeşmäni düzet]Bedia Akarsu. Felsefe terimleri sözlügü. Istanbul 1998